Magtymguly Pyraga düşünmegiň täze taglymaty

175

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy halkymyzyň medeni durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, şu günler Watanymyzyň ähli pudaklarynda täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň köňül ylhamyndan we çuňňur paýhasyndan dörän «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly nusgalyk kitaby biz — ýaşlaryň parasatly pederlerimiziň mynasyp dowamaty bolup ýetişmegimizde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly atamyzyň şygyrlary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary häzirki zaman türkmen terbiýesiniň gory tükenmeýän çeşmeleridir. Bu ajaýyp kitaplarda biz — ýaşlaryň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk aňyýetinde, umumytürkmen duýgusynda hem-de umumymilli ruhuýetinde terbiýelenmegimizde örän uly ähmiýeti bardyr. Hususan-da Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen türkmen halkymyz arkama-arka öz nesillerini lebzihalallyk, watansöýüjilik, belent adamkärçilik ruhunda terbiýeläp gelýär. Şonuň üçin-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýmek bilen, akyldar şahyrymyzyň pentleriniň häzirki zaman terbiýeçilik ähmiýetini ýörite nygtaýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu nusgawy kitabynda: «Ylym-bilime aýratyn uly sarpa goýan halkymyz Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny hökman öwrenilmeli we öwredilmeli kitaplaryň biri hökmünde görüpdir» diýmek bilen, Magtymguly atamyzyň sungatyna biziň bitewi millet hökmündäki gatnaşygymyzy çuňňur beýan edýär. Bu ajaýyp kitapdaky: «Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar» diýen jümle bolsa milli şahyrymyzyň döredijiligine her bir türkmeniň, şol sanda biz — ýaşlaryň hem şahsy gatnaşygymyzyň örän inçe teswiridir. Bu parasatly jümleler Magtymguly Pyragynyň umumymilli we umumadamzat ähmiýetli şygryýetiniň bütin halkymyzyň ömründe we dünýägaraýşynda örän möhüm orun tutýandygynyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby professor-mugallymlar, alymlar we talyp-ýaşlar üçin aýratyn gymmatly, örän buýsandyryjy şaserpaý boldy. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen edebiýatyny içgin öwrenýän her bir ynsan üçin gymmatly taglymat boljak bu kitabynda türkmen magtymgulyşynaslyk ylmynda uly işler bitiren alymlardyr ýazyjylaryň ylmy we edebi mirasy dogrusynda söz açýar.
Bu nusgalyk kitapda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragy hakynda öňe süren çuňňur garaýyşlaryna ýörite bir bölümiň bagyşlanmagy hem aýratyn ähmiýetlidir. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz üçünji müňýyllykda dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň täze bir taglymatyny öňe süren beýik syýasatçy, döwletine berkararlygy, halkyna bagtyýarlygy peşgeş beren tutuş bir halkyň Milli Lideri, ylmyň we sungatyň ençeme ugurlary boýunça ajaýyp çeper, ylmy, filosofiki we ensiklopediki kitaplary ýazan uly filosof we ussat ýazyjy bolmak bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň umumadamzat mertebesini bütin dünýä äşgär eden beýik alymdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda gymmatly kitabynda şeýle ýazýar: «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragy hakda aýdan sözleri bize täze-täze pikirleri berýär. Täze pikirler bolsa täzeçe çemeleşmeleri ýadymyza salýar. Şeýdibem Magtymguly Pyraga düşünmek, ussadyň ägirtligine akyl ýetirmek üçin täze we üýtgeşik ýollary tapyp bolýar».
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynda beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine düşünmegiň alym Arkadagymyzyň çuňňur garaýyşlaryndan gözbaş alýan täze bir taglymatyny öňe sürüp, birnäçe usulyýet esaslaryny kesgitläp berýär. Munuň özi hormatly Prezidetimiziň täze kitabynyň beýik şahyrymyzyň şygryýet älemine aralaşmakda täze-täze gözýetimleri açjakdygyndan nyşan.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz magtymgulyşynaslyk taglymatynyň ilkinji usuly şertini «Magtymgula düşünmegiň birinji ädimi akyldar şahyrymyzyň eserlerini yzygiderli, dowamly ürç edip okamakdyr» diýip kesgitleýär. Şahyra düşünmek — onuň huzuryna baryp ýetmekdir, onuň bilen didarlaşmak we söhbet etmekdir. Şygryýet — ynsanyň döredijilik işiniň gözbaşynda duran köňlüň hemişelik ýaşaýyş mesgeni. Şonuň üçin-de şygyr — şahyr bilen okyjynyň hemişelik duşuşyk ýeri bolmagynda galýar. Beýik akyldarymyzyň: «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne, // Kim bar sözleşerge baryp nazarna?!» diýen setirlerinden görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy elmydama okyjynyň gözleginde. Şonuň üçin onuň şygyrlaryny öz labzy bilen ürç edip okamak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem belleýşi ýaly, Magtymguly Pyraga düşünmegiň ilkinji şertidir.
Hormatly Prezidentimiz beýik şahyrymyza düşünmek pelsepesiniň indiki usulyýet esasyny: «Magtymgula düşünmegiň ikinji ädimi onuň okan kitaplaryny okamakdyr» diýip kesgitleýär. Dogrudan-da, Magtymguly Pyragynyň dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde Döwletmämmet Azadynyň hem-de Gündogar akyldarlarynyň çeper-pelsepewi eserleri ilkinji çeşmeler bolupdyr. Olaryň eserleri bilen tanyşlyk okyjy üçin Magtymguly atamyzyň çeper we pelsepe diline düşünmekde sözlük hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu pelsepewi kitabynda milli şahyrymyzyň şygryýetine aralaşmagyň ýene-de bir usulyýet esasyny şeýle beýan edýär: «Magtymguly Pyragynyň eserlerine çuňňur düşünmegiň ýene bir açary il-günüňe, halkyňa bolan hormat-sylag, mähir-söýgi bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki aryf şahyrymyzyň goşgularynda türkmen ruhy ýaşaýar». Dogrudan-da, biziň milli özboluşlylygymyz, ilkinji nobatda, şol türkmen ruhundan gözbaş alýar. Öz halkynyň milli ruhuny duýýan, aslyny aňlap bilýän we şolara laýyklykda ýaşaýan ynsana türkmençilikde «asylly ynsan» diýilýär. Biz — ýaş nesiller üçin Magtymguly atamyzyň pentlerine eýerip, ata Watanymyzy, eziz halkymyzy ýürekden söýüp ýaşamak, parasatly pederlerimize mynasyp — asylly nesiller bolup ýetişmek iň uly bagtdyr.
Biz — ýaşlar Magtymguly Pyragynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk ýoluna eýerip, ýurdumyzyň umumymilli gymmatlyklaryna esaslanýan türkmen aňyýeti we umumytürkmen ruhuýeti bilen okajakdygymyza, döretjekdigimize, ýaşajakdygymyza ynandyrýarys. Beýik milletiň bagtyýar nesilleri bolup ýaşamak bagtyny miýesser eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, döwletli tutumlarynda elmydama üstünlikleriň, rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwet-galamlaryndan çykan kämil kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30