Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

162

21-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory bilen Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň professorlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda rektor O.Öwezsähedow, esasan, pedagog işgärleri taýýarlaýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim babatynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi, daşary ýurt dillerini öwretmek we öwrenmek bilen bagly işler Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Hususan-da, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça giň gerimli işleriň ýola goýulandygy bellenildi. Uniwersitetde daşary ýurt dillerini okatmakda daşary ýurtly mugallymlaryň, hünärmenleriň hem işjeň çekilýändigi barada durlup geçildi.
Soňra Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň ylym we bilim alyş-çalşygy işleri boýunça prorektoryň kömekçisi Endrýu Lin wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň taryhy barada gürrüň berip, uniwersitetde jemgyýetçilik, hukuk hem-de ynsanperwerlik ylymlary, binagärlik-gurluşyk, sungat we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belledi.
Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň ylmy gözleg işgäri, iňlis dili mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň doktory Anastasiýa Bezborodowa 2025-nji ýylyň 20-21-nji ýanwarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen umumy okuw sapaklaryna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň talyplarynyň işjeň gatnaşandyklaryny hem-de olaryň iňlis dilini ýokary derejede bilýändiklerini nygtap geçdi.
Duşuşykda türkmen tarapy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy, ylmy-amaly maslahatlara Westminster uniwersitetiniň professor-mugallymlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30