ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi
15519-njy fewralda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de uniwersitetimizdäki «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli, «Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýady» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO klublarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlar ýaýbaňlandyrylyp, olarda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitler, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň ähmiýeti, geçen iki ýylda bu kafedranyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler, amala aşyrylan ylmy barlaglaryň, milli mirasy wagyz-nesihat etmek boýunça işleriň netijeleri, öňde durýan esasy wezipeler barada durlup geçildi.
Dabaranyň dowamynda kafedranyň çäklerinde geçirilýän medeni çärelere, ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli mirasymyzy, taryhy we tebigy ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge mynasyp goşant goşýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agzalarynyň birnäçesi Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Dabaraly maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary we dutarçylar topary tarapyndan döwrümizi wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy beýan edýän taslamalaryň sergisi guraldy.