Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

249
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 2025-nji – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň şöhlelendirilişi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş eden mugallymlar we talyplar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň orny we olarda ýurdumyzyň parahatsöýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmegiň aýratynlyklary barada belläp geçdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan “Ýaşasyn parahat durmuş” atly edebi-sazly kompozisiýasy, şeýle hem uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyna kabul edilen mugallymlara we talyplara agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi bilen bagly durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan etdiler.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30