«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň nobatdaky sany çykdy

170

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy.
Gazetiň nobatdaky sany uniwersitetiň mugallymynyň 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap taýýarlan makalasy bilen açylýar. Şeýle-de gazetiň sahypalarynda uniwersitetiň okuw sapaklaryna, wagyz-nesihat çärelerine hem giň orun berildi.
Gazetiň täze sanynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen yglan edilen bäsleşigi barada maglumatlar, şeýle hem uniwersitetiň «Türkmenistan» gazeti bilen bilelikde geçiren bäsleşiginiň jemleri barada habar ýerleşdirilipdir.
Gazetiň nobatdaky sanynda öwrediji makala, terjimedir goşgular, şeýle hem başga-da birnäçe täsirli makalalar ýerleşdirildi. Gazet sahypalarynyň dürli suratlar bilen bezelmegi bolsa onuň täsirliligini has-da artdyrýar.
«Türkmen uniwersiteti» elektron gazetini ýüklemek üçin ŞU ÝERE basyň.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30