“Talyp gözeli –2025”

315

2025-nji ýylyň mart aýynyň 5-ne Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli– 2025” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Bäsleşigiň dowamynda çykyş edýän talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlarda bäsleşip,iş başarjaňlygyny,öz ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini görkezdiler.Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy.Bäsleşigiň ahyrynda bayrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.

Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň
žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby
Mekanowa Gülbibi




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30