Magtymguly adyndaky TDU-da HHR-niň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

151

9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary meýilleşdirildi.
Bu iş saparynyň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk sözleri aýtdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30