Üns beriň, bäsleşik!
354Ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanjyny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak hem-de talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda 2025-nji — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» («Туркменистан — Родина мира и доверия») atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär.
Ýeňijiler dekabr aýynda yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar boýunça saýlanar.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.
Ýeňijiler dekabr aýynda yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar boýunça saýlanar.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.