TDU-da «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi

491

11 — 14-nji martda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyry geçirildi.
12-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döwlet tapgyrynyň astronomiýa we geografiýa dersleri boýunça bäsleşikleri geçirildi. Ýokary okuw mekdebinde geçirilen ders bäsleşiginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary, mekdep okuwçylary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň orny, «Bilim hakynda», «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, bilim boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryň orny bilen baglanyşykly çykyşlar edildi.
Şonuň ýaly-da, dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimizde alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz», üstümizdäki 2025-nji ýylyň şöhratyna şan goşýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýaly aýdymlar oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Bäsleşige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.

Geografiýa dersi boýunça Döwlet bäsleşiginiň netijenamasyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.

Astronomiýa dersi boýunça Döwlet bäsleşiginiň netijenamasyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30