Hakaton bäsleşigi

334

14-15-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Okatmagyň STEM usulyýeti boýunça sanly taslamalar” atly Hakaton bäsleşigi geçirildi.
Hakaton bäsleşiginiň maksady, talyplaryň bilimini we olaryň innowasion tehnologiýalaryndan ýerlikli ulanyp bilmek ukyplaryny barlamakdan ybarat bolup, talyplar düzgünnamanyň esasynda programma üpjünçiligini işläp düzmek, programma üpjünçiliginiň müşderi bölegini işläp düzmek we programma üpjünçiligininiň serwer bölegini işläp düzmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň ýeňijileri emin agzalarynyň goýan ballaryny jemlemek arkaly kesgitlenip, 1 sany I orna, 2 sany II orna we 3 sany III orna mynasyp bolan talyplar diplomlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Hakaton bäsleşiginiň netijenamasyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.

Mekanowa Gülbibi,
žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30