TDU-da «Bagtyýarlyk bakylyga utgaşar, Parahat ilime Nowruz gelende» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
183Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli «Bagtyýarlyk bakylyga utgaşar, Parahat ilime Nowruz gelende» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly, müňýyllyklardan häzirki günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň amaly-haşam işleriniň sergisi bilen utgaşdy. Dabara gatnaşan kümüş saçly eneler, professor-mugallymlar we talyplar Milli bahar baýramynyň, ýagny Halkara Nowruz gününiň taryhylygy, onuň gadymy baýramy bolmak bilen, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak bilen, medeni mirasymyzyň we köpasyrlyk däplerimiziň bitewüligini özünde jemlemek bilen, Nowruz baýramynyň halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän halkymyz üçin ähmiýetiniň örän uludygyny gürrüň berdiler.
Bu baýramçylyk ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet derejesinde giňden bellenilip, onuň taryhyny, gymmatlylygyny, adamlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetiniň has-da artandygyny buýsanç we guwanç duýgulary bilen beýan edildi.
Baýramçylyk dabarasynda talyp gyzlar tarapyndan läleleriň, monjugatdylaryň ýerine ýetirilmegi, oglanlar tarapyndan bolsa düzzüm, küşt oýunlarynyň oýnalmagy, göreş tutulmagy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimiz gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde we millilik ýörelgelerimize ygrarly bolmagynda uly orna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly milli tagamlaryň taýýarlanylmagy we däp-dessurlaryň, urp-adatlaryň ýerine ýetirilmegi, yrym-ynançlar barada gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz, folklor, «Diýar» tans we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.