Talyplaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

154

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli talyplaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek boýunça ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleri tarapyndan 2025-nji ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, talyp ýaşlaryň türkmen edebiýatyny taryhyny kämil derejede bilmeklerini gazanmak, olaryň pikirleniş ukybyny kämilleşdirmek, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşik talyplaryň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň mazmunyny suratlar arkaly beýan etmek, surat çekmekde dürli serişdelerden - galam, tuş akwarel, guaş we akril boýaglary ulanyp bilmek ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler emin agzalary tarapyndan bahalandyryldy hem-de onuň jemi jemlenilip, bäsleşigiň ýeňijileri 1 sany I, 2 sany II, 3 sany III orunlar boýunça kesgitlenildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorlygynyň I, II, III derejeli Diplomlary we höweslendiriji Hormat hatlary şeýle-de uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy, ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Surat çekmek boýunça bäsleşigine gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda ylmy, bilimi ösdürmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak we halkymyzyň beýik şahsyýetlerini, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini öwrenmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30