Biologiýa boýunça “onlaýn ders bäsleşigi” geçirildi
476Ylym-bilim — kämil jemgyýetiň iň ygtybarly binýady, belent ösüşleriň kepili. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek maksady bilen yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şu esasda 18-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça “onlaýn ders bäsleşigi” geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kemilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu “onlaýn ders bäsleşigine” jemi 13 sany Ýokary okuw mekdebinden 63 sany talyp gatnaşdy.
Talyplar bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň web saýtynyň binýadynda öz ýokary okuw mekdeplerinden onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Olar berlen wagtyň dowamynda jemi 100 ýumuşdan ybarat sowalnamany işlemek arkaly bäsleşdiler. Bäsleşigi üstünlikli geçirmek we jemini jemlenmek maksady bilen Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýörite eminler topary döredildi. “Onlaýn ders bäsleşigiň” netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemine görä kesgitlener we sowalnama 50%-e çenli dogry jogap beren talyplar I, II we III derejeli diplomlar biler sylaglanarlar.