Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi
12227-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Ýurdumyzda himiýa tehnologiýalarynyň döwrebap ösdürilmegi we bu ugurda ýetilen sepgitler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çärede çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2021-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyna”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” we olary amala aşyrmagyň Meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda himiýa ylmyny, senagatyny toplumlaýyn ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda belläp geçdiler.
Çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň sergisi guraldy.
Wagyz-nesihat çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyna kabul edilen uniwersitetiň himiýa fakultetiniň talyplaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.