Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi

162

4-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Parahat durmuşda sagdyn we bagtyýar nesil” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy bilen utgaşyp gelýändigini, bu şanly senäniň halkara derejesinde giňden bellenilmegi ýurdumyzda geçirilýän döwlet, hünär baýramçylyklaryna utgaşýandygyny buýsanç bilen bellediler. Hususan-da, ýylyň-ýylyna 7-nji aprelde – Bütindünýä saglyk güni diýlip bellenilýän senäniň türkmen halkynyň arasynda uly orna eýe bolup, raýatlaryň sagdynlygyny berkitmekde ähmiýete eýedigini nygtadylar. Sagdynlyk, saglyk barada garaýyşlaryň halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda mynasyp orna eýe bolandygyny, olary milli we edebi mirasymyzda tutýan orny bilen baglanyşyklydygyny gürrüň berdiler. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen “Il saglygy – ýurt baýlygyna” deňelýän ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri, şeýle-de, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetli taraplary belläp geçdiler.
Çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen Hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly üstünliklerini wasp edýän “Arkadagly Gahryman Serdarymyz!”, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” aýdymlar çärä özboluşly öwüşgin berdi.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30