TDU-da Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

119

8-nji aprelde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Eren hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk sözleri aýtdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30