BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekiliniň gatnaşmagynda umumy okuw
113Şu gün, 10-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň maksatnamalaýyn taslamasynyň menejeri Sanoat Jumaýewanyň hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli umumy okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatynda Sanoat Jumaýewa Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýylynyň çäginde Bitaraplyk hukuk derejesi bilen bagly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny halkara derejesinde kesgitlenen wezipelere laýyklykda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tutumly işlerini beýan etdi. Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlyk esasynda bilim-ylym we ýaşlar syýasatyny giňden dabaralandyryp, mugallymlaryň hünär, talyplaryň bilim derejesini kämilleşdirmek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.