«Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy we türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
118Şu gün, 10-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli «Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy we türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş eden professor-mugallymlar, alymlar, medeniýet-sungat işgärleri we talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şöhratly taryhymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň, milli mirasymyzyň giňden öwrenilýändigi, şol sanda Döwletmämmet Azady we onuň edebi mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin belläp geçdiler. Çykyşlarda Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde ylym-bilim, terbiýe meselesi, onuň «Wagzy-Azat» eserinde döwlet gurmak meselesi we gadymy rowaýatlar, akyldaryň filosofiýasy we poetikasy boýunça ylmy çykyşlar edildi.
Ylmy-döredijilik maslahatynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan «Oglum-Azadym» atly sahna eseri ýerine ýetirildi. Şeýle hem uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň, Döwletmämmet Azadynyň döredijiligine degişli kitaplaryň we milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.