Magtymguly adyndaky TDU-nyň guramagynda türkmen dili we edebiýaty boýunça ders bäsleşigi geçirildi
748Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty boýunça ders bäsleşigi geçirildi.
11-nji aprelde geçirilen ders bäsleşigine Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, şeýle hem Mary welaýatynyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylary Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde, Daşoguz welaýatynyň mekdep okuwçylary Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Ders bäsleşigine jemi 400-den gowrak okuwçy gatnaşdy.
Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmekden, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny pugtalandyrmakdan, bilim bermegiň hil derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ders bäsleşiklere gatnaşýan okuwçylaryň ýokary derejede taýýarlygyny gazanmakdan, okuwçylarynyň aň-bilim ösüşi bilen bagly bolan hünärleri saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmekden ybarat boldy.
Türkmen dili we edebiýaty boýunça ders bäsleşiginiň netijesini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.