Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini tamamlady
147Şu gün, 18-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hereket edýän «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 18-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä mirasynyň halkara güni mynasybetli guralýan «Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi.
«Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýady», «Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramak boýunça tagallalar», «Medeni mirasy öwrenmegiň ylmy ugurlary», «Türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň maddy-ruhy medeniýeti: täze barlaglar we seljermeler» atly bölümçelerde geçirilen maslahatlarda türkmen halkynyň gadymy we müdimi mirasy, dünýäniň halklarynyň medeni gymmatlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilişi, olary wagyz etmäge döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin durlup geçildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Kamerunyň, Owganystanyň, Gruziýanyň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 70-e golaýyndan professor-mugallymlardyr, alymlaryň, ÝUNESKO kafedralarynyňdyr klublarynyň agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahatynyň jemleýji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.