Katar döwletiniň Doha şäherinde halkara ylmy maslahat geçirildi

113

27 - 30-njy aprel aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedowyň hem-de Türkmenisytanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň Katar Döwletine iş sapary amala aşyryldy.
28-nji aprelde Kataryň Bilim şäherçesinde ýerleşýän Hamad bin Halifa uniwersitetinde şol uniwersitetiň we Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynyň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Halkara ylmy maslahatyň esasy maksady türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryndaky täze filosofiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini we Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk söýüjilik garaýyşlary bilen döwürleriň, nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanşygy açyp görkezmekden ybarat boldy.
Halkara Maslahatynyň geçýän ýeri bolan Hamad bin Halifa uniwersitetinde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Katar uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň Katar uniwersitetiniň rektory bilen geçiren duşuşygynda bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitet bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara pikir alyşmalar boldy. Kataryň Milli kitaphanasynda gadymy golýazmalary öwrenmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Katara medeni merkezine, Yslam milli muzeýine we Katar Milli muzeýine baryp gördi.
«Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi beýik akyldar şahyryň döredijiliginiň hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30