«Açyk gapylar» güni: uniwersitet bilen tanyşlyk
1853-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary we ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri, ýokary okuw mekdebinde hereket edýän muzeýlerdäki gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan sergilerde hereket edýän fakultetlerde hünär aýratynlyklaryny öz içine alýan sergi gymmatlyklary oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy. Sergide uniwersitetde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler, professor-mugallymlaryň, ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, talyplaryň, magistrleriň, bakalawrlaryň bilimde, ylymda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde halkara we döwlet derejesinde geçirilen olimpiadalardyr bäsleşiklerde hem-de dürli çärelerde gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär.
Uniwersitetiň bilim, ylym, terbiýeçilik we sport durmuşy gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Çärä gatnaşyjy okuwçylar we ýaşlar uniwersitetiň mejlisler jaýynda ýokary okuw mekdebi barada wideofilme tomaşa etdiler hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň çykyşlaryny diňlemek bilen sowal-jogaplar alyşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylar kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek bilen bilim-ylym ulgamyny ösdürmäge döredýän ählitaraplaýyn mümkinçilikleri we döwrebap häzirki zaman tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrýandygy, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.