“Türkmen uniwersiteti” elektron gazetiniň nobatdaky sany çykdy

253

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Türkmen uniwersiteti” elektron gazetiniň täze sany çykdy.
Gazetiň nobatdaky sany “Älemde arzylanýan adyl taglymat” atly makala bilen açylýar. Makalada anyk maglumatlar esasynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty dogrusynda gürrüň edilýär. Şeýle-de gazetiň sahypalarynda uniwersitetimizde sanly ulgam arkaly geçirilen «Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly halkara ylmy­amaly maslahaty we «Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem­de ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy­amaly maslahaty hakyndaky makalalar, wagyz-nesihat çärelerine bagyşlanan habarlardyr makalalara hem giň orun berildi.
Gazetiň täze sanynda Bütindünýä saglyk güni hem-de ahlateke bedewiniň milli baýramy baradaky makalalardyr maglumatlar hem ýerleşdirilipdir.
Gazetiň nobatdaky sanynda öwrediji makala, goşgular, şeýle hem başga-da birnäçe täsirli makalalar ýerleşdirildi. Gazet sahypalarynyň dürli suratlar bilen bezelmegi bolsa onuň täsirliligini has-da artdyrýar.
«Türkmen uniwersiteti» elektron gazetini ýüklemek üçin ŞU ÝERE basyň.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30