Makalalary taýýarlamaga degişli talaplar

486

«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyna hödürlenilýän makalanyň taýýarlanylyşyna bildirilýän
TALAPLAR

Makalanyň teksti türkmen, iňlis we rus dilleriniň birinde taýýarlanylýar.
Sahypa A-4 ölçegine laýyk bolmalydyr.
Sahypanyň ölçegleri ýokarsyndan we aşagyndan 2 sm, çep tarapyndan 3 sm, sag tarapyndan 1,5 sm ýer goýmaly. Tekstiň sahypalary san bilen belgilenýär. Makalada suratlar, formulalar, tablisalar we ş.m. ýerleşdirilen halatynda, olar görkezilen ölçeglerden çykmaly däl.
Makalanyň ady Times New Roman şrifti – 16 pt, baş harplar, ýarym gara reňkli, sözleri tekstiň inine görä sahypanyň ortasyna simmetrik ýagdaýda ýerleşdirilýär. Makalanyň adynda abbrewiaturalar (UW, OW we başgalar) ulanylmaýar. Soňra iki interwaldan awtoryň adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýasy ýazylýar.
Awtoryň adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýalary Times New Roman şrifti – 14 pt, setir harplar bilen ýarym gara ýazylyp, sahypanyň ortasyna simmetrik ýagdaýda ýerleşdirilýär. Adyny, atasynyň adyny görkezýän baş harplaryň arasynda boş ýer goýulman, familiýanyň öňünden ýazylýar. Awtorlaryň familiýalarynyň aşagynda bir interwaldan awtorlaryň işleýän edaralarynyň ady görkezilýär.
Edaranyň ady ýaýyň içinde setir, gara däl görnüşde, Times New Roman 14 pt şriftde ýazylýar. Soňra bir interwal goýlup, makalanyň esasy teksti ýazylýar.
Makalanyň teksti 5 sahypadan köp bolmadyk möçberde bolmaly, oňa tablisalar, suratlar, fotosuratlar, edebiýatlaryň sanawy we annotasiýalar hem girýär. Makalanyň esasy teksti halkara žurnallarynda we ýygyndylarynda umumy kabul edilen talaplara görä ýazylýar. Makalanyň tekstiniň şrifti Times New Roman görnüşinde, ölçegi – 14-likde, setirarasy – 1,0 pt ölçegde taýýarlanylýar. Makalanyň tekstindäki sözler bogna bölünip, setirden setire geçirilmeli däl we setirler sahypanyň inine deňlenmeli. Basmaça goşadyrnak ( « » ), defis ( - ) we kese çyzyk ( – ) nyşanlarynyň ulanylyşynyň dogrulygyna üns bermeli.
Hemme gysgaltmalaryň we abbrewiaturalaryň, umumy kabul edilenlerden (ş.m. we beýl.) başgalarynyň, tekstde birinji gezek duş gelen ýerinde olaryň düşündirilişi ýazylmalydyr. Daşary ýurt dilindäki formulalaryň, minerallaryň we elementleriň belgileri, floranyň we faunanyň atlary dykgatly barlanylyp ýazylan bolmaly.
Suratlar (karta, diagramma, çyzgy we ş.m.) makalanyň tekstiniň içinde berilýär. Suratlar we fotosuratlar san bilen belgilenmelidir hem-de aşagynda olaryň atlary we degişli ýazgylary (12 pt ölçeginde, goýy gara) ýazylmalydyr.
Makaladaky çyzgylaryň we fotosuratlaryň sany 4-den geçmeli däl. Adynyň aşagynda bir setirden şertli belgileriň düşündirmesi berilýär. Tekstde her surata salgylanma (l-nji surat, 2-nji surat we ş.m.) bolmaly. Eger-de makalada bir surat ýa-da bir fotosurat bolsa, olara san belgisi goýulmaýar. Suratlar 160x230 mm möçberinden uly bolmaly däl. Suratlar aşakdaky talaplary ödemeli:
- fotosuratlaryň we suratlaryň hili gowy bolmaly;
- çyzgylaryň asyl nusgalary wektor görnüşinde kabul edilýär (CorelDraw 16.0-13.0) ýa-da rastrow görnüşinde (JPEG giňeltmegi bilen, 600 dpi);
- kartalaryň masştaby görkezilmeli.
Tablisalaryň san belgileri we atlary olaryň ýokarsyndan setir harp bilen Times New Roman şriftinde – 14 pt ölçeginde ýazylmaly. «1-nji tablisa» sözi ýazmaça, ýognaltman, tablisanyň ýokarky sag burçunda goýulýar. Eger-de makalada bir tablisa bolsa, oňa san belgisi goýulmaýar. Ondan aşakda sahypanyň ortasynda göni, ýarym gara setir harp bilen tablisanyň ady ýazylýar. Tablisalar tekstiň gyraky çäginden geçmeli däl we tablisany bir sahypadan başga sahypa geçirmek bolmaýar. Tablisalaryň umumy sany 3-den köp bolmaly däl. Ol makalanyň tekstiniň içinde ýerleşdirilýär. Tekstde olara hökmany ýagdaýda salgylanmaly (1-nji tablisa we ş.m.). Makalanyň tekstinde formulalar ýazylanda, halkara ulgamynda (SI) kabul edilen fiziki birlikleri we belgileri ulanmaly. Formulalarda ulanylýan belgiler (formulanyň yzyndan) düşündirilýär, formuladaky bar bolan derejeleri ýokary-aşak we setir aşagyndaky indeksleri (bellikleri) ortaky setire degişlilikde anyk süýşürip ýazmaly. Formulalaryň san belgileri (eger-de olara tekstde soňra ýüzlenilýän bolsa) tekstiň sag tarapky çäginde tegelek ýaýyň içinde formulanyň setirinde ýazylýar. Formulany Word programmasynda çap etmek üçin instrumentiň panelinde ýerleşýän formulalar redaktoryndan peýdalanylmaly.
Edebiýatlaryň sanawy makalada peýdalanylan edebiýat çeşmelerinden düzülýär. Makalanyň tekstinde edebiýat çeşmelere salgylanma kwadrat (inedördül) ýaýda berilýär, mysal üçin, [1] ýa-da [1; 3]. Sahypa görkezilende bolsa, salgylanylýan ilkinji sandan soň şol sahypanyň belgisi görkezilýär, mysal üçin, [1, s. 14] ýa-da [1, s. 14; 3, s. 98].
«EDEBIÝAT» sözi makalanyň esasy teksti tamamlanandan soň iki setir goýberip, sahypanyň ortasynda ýarym gara, baş harplary bilen Times New Roman şriftinde – 14 pt ölçeginde ýazylýar. «EDEBIÝAT» sözünden soň bir setir goýberip, makalada salgylanylýan hemme işler Times New Roman – 14 pt şriftinde ýazylýar. Edebiýatlaryň sanawy ilki türkmen, soňra rus, iňlis we başga dilleriň elipbiý tertibinde düzülýär.
Hasabatlar we başga golýazma işleri bu sanawa goşulmaýar. Edebiýatlaryň sanawyndaky hemme işler arap sanlary bilen belgilenýär. Awtoryň (awtorlaryň) familiýasy we adynyň, atasynyň adynyň baş harplary ýazmaça harplar bilen (eger-de olar üçden köp bolmasa) ýazylýar. Awtorlar üçden köp bolsa, onda olar ylmy işiň adynyň yzyndan ýanyn çyzyk goýup, adaty harplar bilen ýazylýar. Bu ýagdaýda işiň ýeke birinji sözi ýazmaça harplar bilen ýazylýar. Eger-de awtorlaryň sany dört bolsa, onda olaryň adynyň, atasynyň adynyň baş harplary familiýanyň öňünden goýulýar. Eger-de awtorlaryň sany dörtden köp bolsa, onda birinji awtoryň familiýasy ýazylyp, yzyndan «we başg.» diýlip görkezilýär.
Getirilen kitaplaryň çap eden şäherleriniň atlary doly ýazylýar, diňe Aşgabat (A.), Москва (М.), Санкт-Петербург (СПб.) diýlip, gysgaldylan görnüşde ýazylmalydyr.
Makalanyň 0,5 sahypadan köp bolmadyk möçberde annotasiýalary bolmaly, olar awtorlar tarapyndan taýýarlanylmaly. Makalalar taýýarlanylan dilinden beýleki iki dilde annotasiýalar ýazylýar. Annotasiýa edebiýatlaryň sanawyndan soň iki interwaly goýberilip ýazylýar. Annotasiýada makalanyň esasy mazmuny we netijeleri öz beýanyny tapmaly. Annotasiýanyň tekstinde abzas bolup biler. Annotasiýalar taýýarlanylanda sahypanyň ortasynda makalanyň doly ady baş harplar bilen (Times New Roman şrifti – 16 pt, setir harplar), soňra bir interwal goýberilip, annotasiýanyň teksti ýazylýar (Times New Roman şrifti – 14 pt, setir harplar). Setirleriň arasynda adaty interwal ulanmaly.

Makalalary resmileşdirmegiň we tabşyrmagyň tertibi

Tabşyrylýan makalanyň temasy ylmy täzelige gönükdirilen, öň çap edilmedik we başga neşirýatlara iberilmedik bolmaly.
Makalada Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaýradylmagy gadagan edilen maglumatlar bolmaly däl. Bu talabyň ýerine ýetirilmegi üçin awtor şahsy jogapkärçilik çekýär.
Elektron görnüşi (makalanyň teksti) makalanyň çap edilip iberilen nusgasyna doly laýyk gelmeli we aşakdaky talaplary ödemeli:
– makalanyň teksti Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen);
– makalanyň teksti Microsoft Office Word 2003-2010 redaktoryndan irki görnüşinde ýygnalan bolmaly däl;
– faýlyň adynda birinji awtoryň familiýasy bolmaly;
– faýl makalanyň tekstini we onuň içinde ýerleşdirilen suratlary, suratlaryň aşagyndaky ýazgylaryny, tablisalary, fotosuratlary, edebiýat sanawyny, şeýle hem iki dilde ýazylan annotasiýalary öz içine alýar.
Makalalar elektron we kagyza çap edilen görnüşinde Elektron žurnalyň salgysyna edaranyň ugradyş haty bilen iberilmeli. Poçta salgysy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, (1966) Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31-nji jaý. Elektron salgysy: ylmybarlaglartdu@sanly.tm
Redaksion geňeş makalalary syna berip, synçylar tarapyndan makullanan makalalary rejeläp (redaktirläp), olaryň žurnalda ýerleşdiriliş tertibini kesgitleýär. Makalanyň gutarnykly görnüşi awtor (awtorlar) bilen ylalaşylýar.
Awtor öz makalasyny Elektron žurnalyň redaksiýasyna doly görnüşde elektron disklerde ýa-da fleş-göterijide, şeýle hem bir nusgada çap edilen görnüşinde tabşyrýar. Awtor elektron poçtanyň üsti bilen redaksion geňeş bilen aragatnaşyk saklap biler.

Makala şu aşakdaky resminamalar bilen bilelikde kabul edilýär:

- awtoryň işleýän ýa-da okaýan edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen ugradyş haty;
- Alymlar geňeşiniň beýanyndan göçürme;
- alymlar tarapyndan berlen iki syn;
- makalany çap etmegiň mümkinçiligi barada ekspert netijesi.


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30