Himiýa fakulteti

17010

Fakultet 2019-njy ýylda himiýa-biologiýa fakultetiniň binýadynda täzeden döredildi.
Fakultetde organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl we analitiki himiýa kafedralary hereket edýär, olarda himiýa hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan ylmy-barlag işlerinden fakultetiň kafedralarynda “Ýokary ýag karbon we nebit karbon kislotalaryň esasynda senagat ähmiýetli birleşmeleri almagyň ylmy esaslary”, “Türkmenistanda oba hojalygy üçin gerekli organomineral dökünlerini öndürmegiň ylmy esaslary”, “Ýerli çig mallary ulanyp dokma önümleri üçin tebigy boýaglary almagyň ylmy esaslary” atly ylmy-barlag işleri alyp barylýar.
Himiýa fakultetiniň binalar toplumy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumy we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenilen tejribehanalar, lingafon we kompýuter otaglary, okalga otaglary bar. Fakultetiň tejribehanalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen.
Himiýa fakultetinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edebi-çeper eserleri, köp jiltlik ylmy-ensiklopedik işleri, şeýle-de multimedia we maglumat ekranlary arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we himiýa senagatynyň ösüşini kompýuter tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan sergi zaly hereket edýär.
Fakultetiň uçurymlaryna “himik, mugallym” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, degişli ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda işläp bilýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30