21187

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadanyň jemi jemlendi.
Olimpiada ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň professor-mugallymlarydyr alymlary bilen birlikde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim merkezleriniň professordyr alymlary, doktorantdyr magistrlary eminlik etdiler.
Olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilip, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B derejede hem beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar özara bäsleşdiler. Meseleler ýokary okuw mekdep maksatnamasyna laýyklykda organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. A dereje ýazmaça görnüşinde, B dereje test görnüşinde geçirildi.
Şeýlelikde, A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji hem-de 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.

Ýeňijileriň sanawyny ŞU SALGYDAN görüp bilersiňiz.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30