«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ilkinji okuw sapagy geçirildi

37

9-njy fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ilkinji okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen barýandygy bellenildi.
Okuw sapagynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanmak bilen, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde bilim-ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, oňa innowasion tehnologiýalary we bilim bermegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada beýan edildi. Hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, bilim işine dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Ýokary bilimde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy esasynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýändigi, şu esasda hem ýaşlary ylma işjeň çekilýändigi beýan edildi.
Okuw sapagynda ýurdumyzyň halkara derejede at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da ýokary derejelere ýetmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri barada buýsanç bilen bellenildi.
Ilkinji okuw sapagyna gatnaşyjy talyplar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30