Ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär
414-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de umumy mejlisi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, ylym-bilim ulgamynda, daşky gurşawy goramakda gazanylan üstünlikleriň sergisi dabara gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtlaryň 25-sinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Daniýanyň, Yrak Respublikasynyň, Hindistanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň 60 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan jemi 130 wekil, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan 217 sany wekil gatnaşýar. Maslahata jemi 26 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň 86-syndan jemi professor-mugallymlaryň, alymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň 347-si gatnaşýar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden daşary ýurtly we türkmenistanly alymlardyr professor-mugallymlar Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan tarapyndan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diňe bir sebit derejesinde däl-de, eýsem, bütin dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler.
Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin hem-de global derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini, medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýändigi aýratyn bellenilip geçildi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak baradaky maksatnamalarynyň çäginde kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, döwlet ekologiýa kanunçylyk namalaryny degişli konwensiýalarda kesgitlenen ýörelgeler bilen utgaşdyrmak arkaly kämilleşdirýär. Bu işleriň döwrebap derejede amala aşyrylmagy bolsa ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi arkaly «ýaşyl ykdysadyýetiň» durnukly ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty esasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem Hazarýaka we Aralýaka sebitlerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ekologiýa we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Döwletara Hazar Ekologiýa Maksatnamasynyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanda häzirki döwürde sebit ähmiýetli işleriň hem yzygiderli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Aralýaka sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga degişli öňe süren sebit ähmiýetli başlangyçlarynyň biri hem «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasyna degişlidir. Bu Kararnamanyň Aral meselesiniň sebit üçin oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty esasynda sebitiň iň uly gidrotehniki desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzda sebit üçin ekologiýa we durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolan Aral ekologiýa meselesiniň çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ozaldan hereket edýän ekologiýa kanunlarynyň döwrebap kämilleşdirilip, olaryň halkara ekologiýa konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň ekologiýa kadalary bilen utgaşdyrylmagy arkaly ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli täze kanunlar hem kabul edilýär. Ýurdumyzda ilkinji gezek kabul edilen kanunlardan «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Galyndylar hakynda», «Öri meýdanlar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.
5-nji iýunda maslahatyň işi «Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary» hem-de «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde alnyp barlar.