Magtymguly adyndaky TDU-da ýaş wagyzçylar bilen okuw sapagy geçirildi

88

28-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna bagyşlanan nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylaryň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni M.Jemilow alyp bardy. Ol Bitarap Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmekde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň maslahatlarynyň orny barada çykyş etdi. Şunda ykdysady, energetika, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça giňişleýin durlup geçildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýar, dünýäniň ýurtlary bilen ähli ugurlar, aýratyn hem, ulag-kommunikasiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatynyň geçirilmegi hem aýdylanlaryň aýdyň beýanydyr.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30