Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy «Magtymgulynyň älemi» ady bilen umumy sapak geçdi
10918-nji dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň Ž.Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň guramagynda Türki dünýäsiniň beýik akyldary we Gündogaryň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly umumy sapak geçirildi. «Magtymgulynyň älemi» ady bilen geçirilen umumy sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow alyp bardy. Sapaga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, aspirantlar, ýaş alymlar gatnaşdylar.
Ž.Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersiteti her ýyl «Türkologiýa» ugry boýunça talyplar, aspirantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin «Türkologik okaýyş» sapaklaryny geçirýär. Onuň esasy maksady Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň tanymal alymlary, jemgyýetçilik işgärleri bilen türki halklarynyň diliniň, edebiýatynyň, taryhynyň we medeniýetiniň häzirki zaman ylmy meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Umumy sapakda nygtalşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berdi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden dana Pyragy nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrypdyr. Onuň goşgularynda beýan edilýän we watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şoňa görä, dostlukly ýurtlar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň geçirilmegine goşant goşup, olara işjeň gatnaşýarlar.
Umumy sapakda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän işler barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy dünýägaraýşy bilen şahyryň beýikliginiň täze bir ölçegi açyldy: indi Magtymguly Pyragy Gündogaryň nusgawy şahyry hem-de Gündogaryň beýik söz ussady diýlip tanalýar. Bu täze garaýşyň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Magtymgula düýpli, çuňňur ylmy garaýyşlary we nazary kesgitlemeleri ýatýar. Öz ajaýyp eserlerinde Gahryman Arkadagymyz bütin adamzat ululygy bolan Magtymgulyny açdy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan açylan bu bütindünýälik, umumadamzatlyk ölçegler şahyry täzeçe we täzeden tanamaga esas döredýär. Şol ölçegler jähetinde Magtymgulynyň şygyrlarynda ýaşaýan bütin dünýälik duýgusy, umumadamzatlyk mertebesi täzeçe ýaňlanýar. A.Şyhnepesow Magtymgulynyň öz şygryýetini türkmen diliniň özboluşly tebigy gurluşyna mahsus we halkyň gepleşik dilinde düzendigine aýratyn ünsi çekdi. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhuna, çeperçiligine çuňňur aralaşýar. Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolup, onuň dürli dillerde ýaňlanýan ruhlandyryjy eserleri häzirki günde hem, ýüz ýyl mundan ozalky ýaly, uly joşgun bilen umumadamzat gymmatlyklaryny dünýä ýaýýar.
Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi diýlip, umumy sapakda nygtalyp geçildi.