PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNA ÝAPYLAN ŞA SERPAÝ
266Kitap – adamyň iň ýakyn dosty. Çeper sözlerden binýat bolýan kitaplarda uly güýç bar. Şol güýç hem ynsana ruhy lezzet berip, ony kämillige atarýar.
Türkmen jemgyýetiniň sagdynlygy we kämilligi ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň ajaýyp çeşmeleri bolup durýar. Şöhratly taryhymyzy, bagtyýar şu günümizi we nurana geljegimizi bir sapaga düzýän bu eserler agzybir halkymyz tarapyndan çäksiz buýsanç duýgulary bilen garşylanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çeper sözüň ussady, döwürleriň we köňülleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden, onuň gaýtalanmajak edebi mirasyndan söz açýan “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly eseri ýollarymyza şamçyrag boljak, köňüllerimize nur saçjak ajaýyp gymmatlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde başlanan täze eýýamyň iň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülen bu eseriň üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi kitabyň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini ýene bir ýola görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň başy akyldar şahyryň “Türkmeniň” atly goşgusy we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry bilen başlaýar. Kitap Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde ýol görkeziji bolmak bilen onda akyldar şahyryň döredijiligine, Magtymgulynyň dünýä, ahlak, ynsan, gözellik, söýgi hakyndaky gyzyldan gymmatly garaýyşlaryna örän ýokary baha berilýär. Kitap “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar”, “Hakyň we hakykatyň ýolunda” atly bölümlerden ybarat bolup, olaryň her biri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli taraplaryny açyp görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň “Magtymgula düşünmegiň açary” diýip atlandyrylan birinji bölüminde şahyryň eserlerine düşünmegiň ýollary we onuň döredijiliginiň çuňňur manysy barada gürrüň berilýär. “Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik, maksada okgunlylyk, akýüreklilik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler şol setirleriň özenidir, şol bentleriň bezegidir. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris” diýmek bilen hormatly Prezidentimiz, üstünden üç asyr wagt geçendigine garamazdan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesinde, ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly eserler bolup durýandygyny çeper beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlan eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”, “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan setirlere salgylanmak bilen, Hormatly Prezidentimiz Anna agadan, Berdimuhamet Annaýewden, Mälikguly Berdimuhamedowdan, Gahryman Arkadagymyzdan dowam edip gelen Magtymguly Pyragyny öwrenmek boýunça nusgalyk mekdebi dowam etdirýär we döwürleri baglanyşdyrýan bu milli mirasa täzeçil kesgitlemeler berýär. Hormatly Prezidentimiziň Magtymgula düşünmegiň açarynyň halka bolan hormat-sylag, mähir-söýgi bilen berk baglydygy baradaky buýsançly sözleri her bir okyjyda milli buýsanjy has-da artdyrýar.
Kitabyň “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary” atly bölüminde Magtymgulynyň döredijilik mekdebi we onuň yzyna eýeren türkmen alymlary barada maglumat berilýär. XVIII asyrda kemala gelen Magtymguly Pyragy mekdebi, Magtymgulynyň özünden soňky şahyrlar üçin ylham çeşmesi bolup durandygy barada bellemek bilen hormatly Prezidentimiz bu mekdebiň taryhy kökleri hakynda hem anyk maglumatlary getirýär. Bu bölümde magtymgulyşynas alymlaryň Pyragynyň edebi we ebedi mirasyny öwrenmekde bitiren hyzmatlary, Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde akyldar şahyryň eserlerine goýulýan belent sarpa barada giňişleýin söhbet edilýär.
“Pähim-paýhas ummany” diýip atlandyrylan bölüm şahyryň paýhasly setirleriniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragy, onuň döredijiligi baradaky çuň paýhasa ýugrulan setirleriniň many-mazmunyna we olaryň häzirki döwürdäki ähmiýetine bagyşlanýar. Türkmen halkynyň milli Lideri, Alym Arkadagymyzyň başda durmagynda Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, onuň paýhasyny dünýä ýaýmakda, golýazma nusgalaryny toplap, äleme ýaýmakda ägirt uly mümkinçilikler döredildi. Alnyp barlan işleriň netijesinde, Magtymgulynyň edebi mirasy bütin älemde uly meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň setirleri bu bölümiň içinden eriş-argaş bolup geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby Magtymgulynyň dünýäsiniň täzeden açylmagydyr we Pyragynyň pähim-paýhas ummanynyň häzirki zamanda ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Magtymgulynyň şygyrlary kemsiz gözellikdir. Şol gözellikler barada söz açýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz eseri Magtymguly Pyragyny gaýyplardan bara dolaýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Munuň şeýledigine kitabyň “Parahatçylygyň şahyry” atly bölümini okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. “Magtymguly Pyragy hemişe Watanyň azat-asudalygy, geljek günleriň rahatlygy hakyndaky oý---pikirler bilen ýaşapdyr” diýen sözler bilen Hormatly Prezidentimiz parahatçylygy ähli zatdan ýokarda görýän türkmen halkynyň milli şahyrynyň döredijiliginiň özeninden söhbet edýär. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, birek-birege hormat goýmak, halklaryň dostlugy baradaky gymmatly setirleri häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda wajyp meseleleri çözmekde döwletimiziň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ýörelgeleriň esasyny düzýär.
“Pähim paýhasy ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçen 2024-nji ýylyň esasy wakasy – “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda çykyş eden döwlet baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde örän ähmiýetlidigi barada durup geçdiler.
Parahatçylyk üçin ynanyşmak, ynanyşmak üçin düşünişmek, düşünişmek üçin düşünmek gerekdir. Magtymgula düşünmek parahatçylyga ýetmegiň guralydyr. Şu jähtden ugur alsak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenen ýylynyň yzyndan gelen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagy ýyllaryň özara baglanyşygyny we simwoliki dowamlylygyny üpjün edýär.
Kitabyň “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” atly bölümi 2024-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalaryna, ýubileý ýylyň uly dabara beslenip geçen çärelerine we kabul edilen resminamalara bagyşlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda nusgawy şahyrymyzyň döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenip, onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga saldamly goşant goşan watandaşlarymyz, daşary ýurt raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglanýarlar. Kitapda degişli kararlaryň ýerleşdirilmegi, magtymgulyşynas alymlaryň zähmetine goýulýan we sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaby biz mugallymlar üçin her bir ädimde gollanma boljak gymmatly eserdir. Çünki Watanymyzy mundan beýläk gülläp ösdürjek ýaş nesilleri kemala getirmek, dünýä akyl ýetirmek, jemgyýetde özüňi tapmak barada çuň pähim-paýhasa ýugrulan filosofiki garaýyşlary öz içine alýar.
Halkyna şeýle ajaýyp sowgatlary serpaý edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwet galamly gollarynda, jöwher paýhaslaryndan döreýän şeýle eserleriň höwri köp bolsun!